Sepleriň elýeterliligi

Obama 1967-nji ýylyň serhetleri baradaky çagyrşyny gaýtalaýar


Prezident Barak Obama Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasyndaky parahatçylyk ylalaşygyna esas hökmünde 1967-nji ýylyň serhetleri baradaky çagyryşyny gaýtalady.

Waşingtonda, esasy ysraýyl lobbisiniň (AIPAC) ýygnagynda çykyş eden Obama «Ysraýyl bilen Palestinanyň serhetleri, özara ylalaşylan çalyşmalar bilen, 1967-nji ýylda iki döwlet üçin hem kesgitlenen howpsuz we ykrar edilen araçäklere esaslanmalydyr» diýdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu anna güni Ak Tamda Obama bilen duşuşandan soň, Obamanyň Ysraýyly palestin döwleti baradaky geljekki gepleşiklere 1967-nji ýylyň arap-ysraýyl urşunda Ysraýylyň Günbatar kenary, gündogar Ýerusalimi we Gaza zolagyny basyp almazyndan öňki territorial çäklerini esas edinmäge çagyrmagyny ret etdi.

Netenýahu ol territoriýal çäkleriň häzirki zaman Ysraýyl döwletiniň goragy üçin amatsyzdygyny öňe sürdi we Orta Gündogar parahatçylygy «illiýuziýalara esaslanyp» bilmez diýdi.

Muňa garamazdan, Obama ýekşenbe güni öz pozisiýasynyň «ýoýulandygyny» we ýer çalşyklary baradaky çagyryşynyň gözden salnandygyny aýtdy.

Netenýahu ýekşenbe güni Obama tarapyndan edilen belliklere «minnedarlygyny» bildirdi we palestinalylar bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşamak üçin Obamanyň adminstrasiýasy bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG