Sepleriň elýeterliligi

ÝB Siriýa we Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde duşuşýarlar, 23-nji maý.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde duşuşýarlar, 23-nji maý.

Diplomatlar Damaskyň hökümete garşy protestleri zorlukly basyp ýatyranlygy üçin Ýewropa Bileleşiginiň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň we onuň ýakyn ýaranlarynyň garşysyna sanksiýa girizendigini aýdýarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri şu gün Brýusselde geçen duşuşykda jedelli ýadro programmasy sebäpli Eýranyň garşysyna girizilen sanksiýalary hem artdyrdylar.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad
Brýussel iki hepde mundan ozal Al-Assadyň ýakyn ýaranlary hasaplanýan 13 adam barada baýlyklary doňdurylyp, syýahat mümkinçilikleri çäklendirilmeli diýen karary kabul edipdi. Ýöne bu sanawda Al-Assadyň özi ýokdy. Sebäbi Ýewropa Bileleşigindäki käbir döwletler bu işiň ýurtda bolmaly özgerişlere oňaýsyz täsir etmegi mümkin diýip, delil getiripdiler.

Ozal bu işe garşy çykan Kipr, Gresiýa we Germaniýa prezident Başar al-Assadyň özüniň-de bu sanawa goşulmagy bilen bu gezek ylalaşdylar. Bu ýurtlaryň öz pikirlerini üýtgetmegine sebäp bolan zat Siriýanyň režiminiň protestçilere eden soňky basyşlary, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň Al-Assady öz gara sanawyna goşmak baradaky kabul eden karary diýlip, pikir edilýär.

21-nji maýda, ýekşenbe güni, hopwsuzlyk güýçleri ýene azyndan bäş adamy atyp öldürdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar iki aý mundan ozal protestler turaly bäri ölenleriň sanyny 850-den agdyk diýip çaklaýarlar.

“Güýçli duýduryş”

Britaniýanyň daşary işler ministri Uilliýam Hag: “Arap dünýäsinde barýan gozgalaňlara gezek gelende, Ýewropa Bileleşigi batyr bolmaly. Ol reforma meýilli ýurtlara bazara elýeterlilik bermeli. Siriýa ýaly öz halkynyň garşysyna zorluk ulanýan ýurtlary hem jezalandyrmaly” diýdi.

“Biz Siriýanyň garşysyna girizilen sanksiýalary giňeltmek barada hem ylalaşarys. Baýlygy doňdurylmaly we syýahat gadançylygynyň sanawyndaky adamlaryň sany artdyrylar. Bu Siriýanyň prezidentini-de öz içine alar. Meniň pikirimçe, edilmeli dogry iş şu. Siriýada repressiýa dowam edýär. Möhüm zat parahatçylykly protest hukukynyň bolmagy, tussaglaryň boşadylmagy, respessiýa däl-de, reforma ýoluna düşülmegi” diýip, Hag aýtdy.

Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini hem özüniň britaniýaly kärdeşi bilen ylalaşýandygyny bildirdi. Ol: “Bu bir gaty güýçli duýduryş. Režime çetleşdirilendigini görkezmek zerur” diýdi.

Ýöne, berk sanksiýalara garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň Siriýadaky ýagdaýlara täsir etmek mümkinçiligi köp däl. Bu çäreleriň Al-Assadyň režimini oppozisiýa bilen gürleşmekden gaça durmagyna getirmegi mümkin diýen gorky-da ýok däl.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde syýahat gadagançylygynyň we baýlygyň doňdurylmagynyň netijeli boljakdygyna şübhe bildirdi. “Bu bir kyn sorag. Bu biziň elimizdäki bir gural. Biz ony ulanyp, talaby gitdigiçe güýçlendirýäris. Onsoň ol bir netije berermi? Biz netije berer diýip, umyt edýäris. Elimizdäki ýeke-täk gural şu” diýip, Bildt aýtdy.

Eýrana garşy sanksiýalar

Eýranyň Buşer atom stansiýasy
Diplomatlaryň aýtmagyna görä, Ýewropanyň daşary işler ministrleri Eýranyň hem 100 kompaniýasyny Ýewropa Bileleşiginiň embargo sanawyna goşmak barada ylalaşypdyrlar. Bileleşik, şeýle hem Tähranyň özüniň jedelli ýadro işlerini togtatmaýanlygy üçin bäş adamyň garşysyna syýahat gadaganlygyny girizip, olaryň baýlyklaryny doňdurmaly edipdir.

Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlary özleriniň bu kompaniýalaryň köpüsini Ýewropada gurlan “frontlar” diýip pikir edýändiklerini aýdýarlar. Bu adamlar hem şu kompaniýalary dolandyrýanlar. Aýdylyşyna görä, täze sanksiýalar Eýrana görkezilýän gysyşy artdyrmak, onuň häzirki sanksiýalardan “sypmagynyň” öňüni almak üçin görülýän çäre.

Birleşen Milletlar Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Eýrana jedelli ýadro programmasyny togtatdyrmak üçin şu wagta çenli dört sanksiýa rezolýusiýasyny kabul etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG