Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada graždan jemgyýetçiligi gysyş astynda


Kuzio: "Prezident Ýanukowiç dünýädäki wakalara daşary ýurtlaryň dildüwşügi diýen nukdaýnazardan garaýar".
Kuzio: "Prezident Ýanukowiç dünýädäki wakalara daşary ýurtlaryň dildüwşügi diýen nukdaýnazardan garaýar".
Sowet Soýuzyna mahsus bolan daşarky duşmanlardan gorky duýgusyny tutaşdyrmak usuly Orsýetiň häzirki hökümetiniň içerki syýasatynda giňden ulanylýar. Emma şeýle syýasat postsowet giňişliginiň demokratiýa taýdan özgeriş gazanan käbir döwletlerinde hem barha güýçlenýär.

Sowet Soýuzynda dissidentleriň Günbataryň ýörite gulluklary tarapyndan maliýeleşdirilýänligi baradaky pikiri ýaýratmak usuly giňden ulanylýardy. Käbir postsowet ýolbaşçylary şol usuly şu günki gün hem ulanmagy dowam etdirýärler. Olar öz syýasy garşydaşlarynyň demokratik “rewolýusiýalary” tutaşdyrmak üçin günbatar fondlary we hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen işleşýändikleri barada pikiri döretmäge çalyşýarlar.

Ukrainada prezident Wiktor Ýanukowiçiň oppozisiýa garşy alyp barýan kampaniýasy onuň “Regionlar partiýasynyň” halk arasyndaky abraýynyň barha pese gaçmagynyň we arap döwletlerinde bolup geçýän syýasy öwrulişikler barada güýçlenýän aladalanmalarynyň netijesidir.

Rewolýusiýamy ýa-da dildüwşük?

2003-2004-nji ýyllarda Ukrainanyň “Regionlar” we “Kommunistik” partiýalary özleriniň “rewolýusiýalar” bilen bagly howatyrlanmalaryny ilkinji gezek beýan edipdiler. Olar şonda “rewolýusiýalary” 2000-nji ýylda serbler we 2003-nji ýylda gürjüler tarapyndan ýaýradylan ýokanç kesel diýip atlandyrypdylar.

Ýanukowiç dünýädäki wakalara daşary ýurtlaryň dildüwşügi diýen nukdaýnazardan garaýar. Ol şeýle-de ukrain rewolýusiýasyna halk gozgalaňy hökmünde däl-de, özüni prezidentlik wezipesine geçirmezlik üçin amala aşyrylan amerikan dildüwşügi diýip, baha berýär.

Ýanukowiç şu ýyl Dawosdaky sammitde eden çykyşynda Tunisiň diktatory Zina al-Abidiniň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegine gynanç bildiridi we bu ýolbaşçynyň öz ýurduny onlarça ýyllap durnuklylyk bilen üpjün edenligini belledi.

Ýanukowiç häkimiýet başyna geçen badyna günbatar fondlary Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň we “Regionlar partiýasynyň” üns merkezine düşüpdi.

Geçen ýylyň iýun aýynda Ukrainanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Polşanyň diplomatlaryna duýduryş bilen ýüzlendi we ukrain kanunlarynyň hökümete degişli bolmadyk guramalary tarapyndan berjaý edilmegini talap etdi.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işini derňänligini boýun aldy we öz hereketlerini düşündirip, muňa “şol pullaryň Ukrainadaky syýasy hereketler üçin ulanylmagy baradaky şübheleriň” sebäp bolanlygyny aýtdy.

“Regionlar partiýasy” Putinden öňürtdi

Orsýetiň 2006-njy ýylda kabul eden we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegini çäklendiren kanuny Ukrainanyň şuňa meňzeş inisiatiwalaryndan ugur alypdy.

2003-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Ukrainada hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işini derňemek barada kanun kabul edilipdi. Munuň öň ýanynda Ukrainanyň parlamentinde geçirilen maslahatda guramalaryň daşary ýurtlardan giňden maliýeleşdirilmegi ýurduň içerki işlerine göni goşulyşmakdyr diýen pikirler öňe sürlüpdi.

2004-nji ýylda Ukrainanyň “Kommunistik partiýasy” we “Regionlar partiýasy” “Naşa Ukraina” partiýasyny we onuň lideri Wiktor Ýuşenkony Waşingtonyň buýrugy bilen hereket etmekde aýyplady. Olar Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçmanyň meşhur žurnalist Georgiý Gongadzanyň ölümine gatnaşygy bolanlykda güman etmegi ýaly wakalary hem amerikan dildüwşügi bilen baglanyşdyrdylar. 2009-njy ýylda “Halk partiýasy” hem şol wakalaryň guramaçylarynyň Ukrainanyň döwlet binýadyny gowşatmak islänligine özüniň ynanýanlygyny aýtdy.

Dildüwşük teoriýasyna gaýdyp gelmek bilen Ukrainanyň “Kommunistik” we “Regionlar” partiýalary daşarky duşmanlardan gorky, ukrain milletçilerine we amerikanlara garşy duşmançylyk ýaly sowet döwrüne mahsus duýgulara esaslanýan taktikany dikeltdiler.

Taras Kuzio Johns Hopkins uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary boýunça ýokary mekdebine degişli Transatlantik gatnaşyklar merkeziniň ylmy işgäri. Makalada öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG