Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada dört adam öldi


Şu gün Owganystanyň gündogar sebtinde janydan geçen bir hüjümçiniň özüni bazarda partlatmagy sebäpli dört adam öldi, başga-da 14 adam ýaralandy.

Bu partlama Lagman welaýatynyň Alişiň etrabynyň merkezi bazarlarynyň birinde amala aşyryldy.

Welaýat häkiminiň metbugat wekili Faýzullah Pathanyň aýtmagyna görä, ölenleriň ählisi parahat ilatdan.

Bu hüjümiň nyşanasy häzirlikçe näbelli. Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG