Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwiliniň häkimiýetine garşy protest geçirilýär


Şu gün Tbiliside ýüzlerçe oppozisiýa aktiwisti prezident Mihail Saakaşwiliniň häkimiýetden çetleşmegini talap edip, protest geçirýärler. Bu protestleriň üçünji günüdir.

Oppozisiýa Saakaşwilini ýurtda ýokary derejede awtoritar režimi ornaşdyranlykda aýyplaýar.

Şenbe güni 10,000 töweregi protestçi Tbiliside demonstrasiýa geçiripdi.

Ýekşenbe güni ýurduň polisiýasy howpsuzlyk güýçleriniň ulagyna hüjüm eden protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy hem ulanypdy.

Ençeme oppozisiýa liderleri köçe protestlerini dowam etdirmäge çagyryş edýärler.
XS
SM
MD
LG