Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň bazasy harbylaryň öz gözgeçiliginde


Pakistanyň harby güýçleri “Talybanyň” söweşijileri bilen ençeme sagatlap söweşenlerinden soň, ýurduň port şäheri Karaçidäki bazanyň gözegçiligini öz ellerine geçirdiler.

Içeri işler ministri Rehman Malikiň aýtmagyna görä, “Mehran” harby-deňiz bazasyna ýekşenbe güni giçlik 4-6 söweşiji hüjüm edipdir.

Söweşijileriň ikisi öldürildi, biri özüni ýardy, ýene-de biri harabalygyň aşagynda galdy. Başga-da iki söweşijiniň gaçandygy çak edilýär.

Berilýän resmi maglumatlara görä, ençeme sagat dowam eden çaknyşykda azyndan 10 sany esger ölüpdir.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Söweşijileriň aýtmagyna görä, bu hüjüm 2-nji maýda “Al-Kaýdanyň” ýolbaşçysy Osama bin Ladeniň öldürilmegine jogap hökmünde deslapky ar alyşdyr.
XS
SM
MD
LG