Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan prezidenti Obama Irlandiýa bardy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama özüniň ýewropa ýurtlaryna edýän bir hepdelik saparynyň çäginde duşenbe güni Irlandiýa bardy.

Obama we onuň aýaly Mişel Dublinde Irlandiýanyň prezidenti Meri MakAlise we premýer-ministri Enda Kenni bilen duşuşyk geçirdiler.

Bu saparyň dowamynda prezident Obamanyň Moneýgall obasyna barmagyna hem garaşylýar. Bu obada Obamanyň garry babasy dogulypdy.

Sişenbe güni prezident Obama aýaly Mişel bilen Britaniýa barar.

Penşenbe güni Obamanyň G-8 toparynyň Fransiýada geçýän sammitine gatnaşmagyna hem garaşylýar.

Prezident Obama özüniň Ýewropa saparyny Polşada tamamlar.
XS
SM
MD
LG