Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksika HWF-niň başlyklygyna kandidat hödürlemekçi


Meksikanyň hökümeti ýurduň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy Agustin Karstensi Halkara walýuta fondununyň başlyklygyna hödür etmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Fransiýa bilen Britaniýa bolsa bu wezipä Fransiýanyň maliýe ministri Kristin Lagardyň kandidaturasyny hödürleýärler.

Halkara walýuta fondunyň başlygy wezipesi geçen hepde bu guramanyň ozalky ýolbaşçysy Dominik Straus-Kanyň wezipesinden çetleşmeginden soň boşapdy.

Fransuz ykdysadyýetçisi we syýasatçysy Straus-Kan Nýu-Ýorkdaky bir myhmanhananyň işgärini zorlamak synanyşygynda aýyplanyp, ABŞ-da tussag edilipdi. Ol häzir Nýu-Ýorkda öý tussaglygynda saklanylýar.

Halkara walýuta fondy 1945-nji ýylda döredileni bäri onuň başlyklary diňe ýewropalylar bolupdy.
XS
SM
MD
LG