Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wideoşekilli ilkinji hökümet maslahaty


23-nji maýda geçirilen ilkinji göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda welaýat häkimleri bilen prezidentiň arasynda, esasan, şu hepdäniň ahyrlarynda ýurtda galla oragyna girişmek babatda boldy.
23-nji maýda geçirilen ilkinji göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda welaýat häkimleri bilen prezidentiň arasynda, esasan, şu hepdäniň ahyrlarynda ýurtda galla oragyna girişmek babatda boldy.

23-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň agzalary we ýurduň welaýatlarynyň häkimleri bilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


Şeýle maslahaty Türkmenistanyň hökümeti ilkinji gezek geçirdi. Ýakynda gurlup ulanylmaga berlen «Oguzhan» köşkler toplumynda ýurduň ähli künjekleri bilen wideoşekilli göni aragatnaşyga çykmagy üpjün edýän häzirki zaman täze telearagatnaşyk enjamlarynyň ýola goýlandygy barada türkmen mediasy habar berýär.

Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygyny we «Elektron hökümet» elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak meselesi babatda Berdimuhamedow ilkinji gezek 2010-njy ýylyň 26-njy awgustynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdypdy. Şonda prezident elektron resminamalar dolanyşygynyň oba hojalygynda çalt ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýdypdy.

23-nji maýda geçirilen ilkinji göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda welaýat häkimleri bilen prezidentiň arasynda, esasan, şu hepdäniň ahyrlarynda ýurtda galla oragyna girişmek babatda boldy.

“E-Government” ýa-da Elektron hökümet

Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň ýurtda ornaşdyrylmagy hökümet dolandyryşynyň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder diýen umytlar bar. Dolandyryş işewürlik prosesleriniň ähli tapgyrlarynda ykjam gözegçiligi amala aşyrmaga, resminamalaryň geçişiniň tapgyrlaryny we esasy işleriň ýerine ýetirilişiniň wagtyny gysgaltmaga, ýolbaşçylar üçin dolandyryş çözgütlerini kabul etmek babatda zerur bolan maglumatlary çalt gözlemäge we tapmaga mümkinçilik berýär.

10-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berdimuhamedow Türkmenistanda Hökümet elektron ulgamyny döretmeklik we bu ulgama geçmeklik göz öňünde tutulýandygyny mälim edip, ýurduň ýolbaşçy wezipesinde işleýänleriň kompýuterden sowatly bolmalydygy hakynda aýdypdy. Prezidentiň şol mejlisde beren tabşyrygyna laýyklykda, ýolbaşçylaryň kompýuteri özleşdirmekleri üçin ýörite kurslar açylmaly edildi.

Ýylyň ikinji çärýeginden başlap, prezidentiň tabşyrygyna laýyklykda ýurduň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, orunbasarlary, welaýat häkimleri üçin ýörite kompýuter sowatlylygy boýunça tölegli kurslar öz işine başlady.

Kompýuter sowatlylygy boýunça kurslar üç aý dowam edip, onuň ahyrynda okuw geçýän ýolbaşçylara ýörite sertifikatlar gowşurylar. Okuwlar tamamlanandan soň, olara gatnaşan ýolbaşçylar ýörite synagdan geçiriler. Eger ýolbaşçy synagdan geçip bilmese, onda ol başga işe geçiriler.

XX asyrdan XXI asyra

Bu çärelere garamazdan, häzir ýurduň welaýatlarynyň hem-de etraplarynyň administrasiýalarynda internet sistemasynyň bolmazlygy köpleri geň galdyrýar. Internet hatda paýtagt Aşgabatda ýerleşýän ministrliklerde hem doly ornaşdyrylmadyk.

Etraplar bilen welaýatyň, welaýatlar bilen paýtagtyň, ministrlikler bilen merkezi apparatyň arasynda göni elektron aragatnaşyk sistemasynyň ýoklugy sebäpli, iş dolanyşygy geçen asyryň tehnologiýalary boýunça alnyp barylýar.

Ýurduň welaýatlarynyň hem-de etraplarynyň hiçisinde özlerine degişli elektron saýtlary we elektron poçtalary, ýagny e-mail adresleri ýok. Ministrliklerde hem ýagdaý welaýatlardyr etraplaryňkydan öwerlikli däl.

Ýurduň etraplaryndan welaýat merkezlerine gerekli maglumatlar faks apparatynyň üsti bilen iberilýär. Eger-de maglumatlar elektron görnüşde iberilmeli bolsa, onda olar disklere göçürilip, ýörite kurýerleriň üsti bilen ençeme kilometr aşylyp, gerekli ýerine gowşurylýar.

Türkmen hökümetiniň döwlet dolandyryşy boýunça reforma geçirmek we ony pugtalandyrmak, elektron dolandyryşy, kadrlary taýýarlamak we olaryň kwalifikasiýasyny ösdürmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň maglumatlary hem-de arhiw materiallary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG