Sepleriň elýeterliligi

NATO uçarlary Liwiýanyň paýtagtyny bombalaýar


Şu gün irden NATO uçarlary Liwiýanyň paýtagty Tripolini bombalady.
“Assoşeýted pres” Tripolä asmandan 20 çemesi zarbanyň urlandygyny ýazýar.

Habarlara görä, Muammar Kaddafiniň ýaşaýan ýeriniň töwreginde howa zarbasynyň döreden tot-tozany we tüssesi göge göterilipdir.

Kaddafi režiminiň sözçüsi Moussa Ibrahim bu zarbalardan azyndan 3 adamyň ölüp, 150 çemesi adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Emma bu habary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamak mümkin däl.

NATO-nyň ýaýradan beýanatynda Kaddafiniň ýaşaýan binasynyň gapdalyndaky ulag saklanýan ýerleriň nyşana alnandygy, ol ulaglar bilen graždan ilata hüjüm edýän režim güýçlerine kömek edilýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG