Sepleriň elýeterliligi

Ýokary sud Kaliforniýa 40 müň tussagy boşat diýýär


Birleşen Ştatlaryň Ýokary sudy Kaliforniýa ştatyň türmelerindäki hroniki köp adamlylyk sebäpli 40 müň tussagy boşatmagy buýurdy.

Sud bu çäräniň tussaglaryň konstitusion hukuklaryny berjaý etmek üçin zerurdygyny aýtdy.

Kaliforniýanyň 80 müň çemesi tussaga niýetlenen 33 türmesinde 148 müň töweregi bendi bar.

2009-njy ýylda federal sudlarynyň üçüsi iki ýyl içinde 40 müň tussagy boşatmagy buýurdy.

Geçen ýylyň aýagynda Kaliforniýa boşadylan tussaglaryň jemgyýetçiligiň howpsuzlygyna wehim saljagyny duýduryp, Birleşen Ştatlaryň Ýokary suduna şikaýat etdi.
XS
SM
MD
LG