Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Palestinanyň ýaraşyk ylalaşygyny öwýär


Orsýetiň daşary işler ministri Palestinanyň iki bäsdeş hereketi “Fatah” bilen “Hamasyň” arasyndaky ýaraşyk ylalaşygyny öwdi.

Sergeý Lawrow duşenbe güni Moskwada taraplaryň ikisiniň hem wekilleri bilen gepleşikden soň bu ylalaşyk «taryhy» we ol Orta Gündogar parahatçylyk prosesini ilerletmäge kömek eder diýdi.

Ol “Fatahyň” we “Hamasyň” wekilleriniň 4-nji maýda Kairde gol çekilen ýaraşyk şertnamasyna täze, goşmaça anyklaşdyrmalara hem gol çekendiklerini aýtdy.

Emma Ysraýyl “Hamasy” terror guramasy hasaplaýar we bu topar goşulan ýagdaýynda Palestin hökümeti bilen gepleşik geçirmejegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG