Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝB Siriýa, Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirýär


Ýewropa Bileleşigi protestçilere garşy dowam edýän basyşlary berk ýazgarmak bilen Siriýa garşy sanksiýalary güýçlendirýär.

ÝB-niň daşary işler ministrleri Brýusseldäki duşuşykda syýahat çäklendirmeleri we emläk doňdurmalary babatdaky sanawa Siriýanyň birnäçe resmisini, şol sanda prezident Başar al-Assady hem goşmak barada ylalaşyga geldiler.

Şeýle-de ministrler ÝB-niň sanksiýalaryny Eýranyň ýene bir 100 kärhanasyna degişli etmek barada ylalalşyga geldiler. Olar bu karara Tähranyň ýadro programmasy babatdaky gepleşiklerde öňegidişligiň ýoklugy üçin geldiler.

ÝB ministrleri Orta Gündogar parahatçylyk prosesi babatda amerikan prezidenti Barak Obamanyň golaýda çagyryşyny goldadylar.

Obama Ysraýyl bilen Palestinanyň 1967-nji ýylyň serhetleri esasynda, özara ylalaşyp territoriýa alyp-çalyşmak bilen parahtçylyk şertnamasyny baglaşmaklaryna çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG