Sepleriň elýeterliligi

Kül buludy Obamany Britaniýa ir gelmeli etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hem onuň aýaly Mişel, Islandiýanyň wulkan buludunyň uçar gatnawyna päsgel bermeginden howatyrlanyp, Londona Britaniýa edilmeli döwlet saparynyň bellenen wagtyndan ir geldiler.

Obamalar britan paýtagtyna duşenbe güni, amerikan prezidentiniň Irlandiýadan başlanan Ýewropa saparyndan soň geldiler.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Londona plan boýunça sişenbe güni gelmelidi, ýöne howa gullugy Islandiýada çogýan wulkanyň britan asmanyna bulut ibermeginiň ahmaldygyny çaklady.

Kül buludy zerarly Şotlandiýa barýan we Şotlandiýadan gelýän uçarlaryň gatnawy togtadyldy.
XS
SM
MD
LG