Sepleriň elýeterliligi

“General Electric” Türkmenistanda wekilhanasyny açdy


Birleşen Ştatlaryň “General Electric” kompaniýasy Türkmenistanda ilkinji edarasyny açdy.

Metbugat gullugynyň ýazmagyna görä, “General Electric” kompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisi amerikan kompaniýasynyň türkmen bazarynda barha ösýän işini ugrukdyrar.

Wekilhana hünärmenleri okatmak, täze tehnologiýalary görkezmek, şol sanda “General Electric” kompaniýasynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we energiýa pudagyndaky proýektlerini goldamak bilen meşgullanar.
XS
SM
MD
LG