Sepleriň elýeterliligi

Owganystan, Pakistan we Eýran barada ABŞ-nyň kongressmeni bilen söhbet


Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň daşarky gatnaşyklar komitetiniň agzasy Dan Burton Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň studiosynda, 20-nji maý.

Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň daşarky gatnaşyklar komitetiniň agzasy Dan Burton Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň studiosynda, 20-nji maý.

Soňky döwürlerde halkara habar serişdeleriniň gün tertibinde duran üç esasy mesele bar. Olar: arap ýurtlarynda dowam edýän rewolýusiýalar, Pakistan bilen ABŞ-nyň gatnaşygy we Owganystandan daşary ýurtlary harbylaryň ýakyn wagtda yzyna çekilip başlajakdygy baradaky habarlar.

Dünýäniň iň güýçli ýurdy hökmünde şol meseleleriň hemmesinde-de ABŞ-nyň eýeleýän pozisiýasy esasy ähmiýete eýedir we ABŞ-nyň şeýle meseleler boýunça sýyasatyny kesgitleýän institutlardan biri bolsa Kongresdir. Amerikanyň daşary syýasaty diýlende Kongresiň daşarky gatnaşyklar komiteti we onuň agzalarynyň oýnaýan roly möhüm.

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň daşarky gatnaşyklar komitetiniň agzasy Dan Burton Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň baş ştabynda bolanda, Azatlyk Radiosy onuň bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Burton, NATO-nyň harbylarynyň şu ýylyň iýul aýyndan Owganystany terk edip başlajakdygy we olaryň 2014-nji ýyla çenli ýurdy doly terk etjekdigi aýdylýar. Emma Owganystanyň raýatlary daşary ýurt harbylarynyň ýurdy terk eden halatynda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň erbetleşmeginden howatyr edýärler, siz olaryň bu aladalary hakda näme aýdyp biljek?

Dan Burton: Owganystandaky ýaly harby konfliktli durumlarda gysga we uzak möhletleýin ýagdaýlara syn etmek zerur. Meniň pikirimçe, şol ýurtda ösüş bar. Emma haçanda prezident harbylaryň yza çagyryljakdygyny aýdyp, bu işiň amala aşyrylmagy üçin möhlet belläp başlanda, bu ädimiň, bir görmäge, oňaýsyz tarapy hem bar. Sebäbi möhlet yglan etmek arkaly “Talybana” ýa beýleki toparlara garaşmaklary üçin belli bir möhlet berilýän ýaly bolýar. Emma prezident tarapyndan kesgitlenilen möhlete eýerilmegi hem möhüm.

Şeýle-de owgan harbylarynyň ýurtda durnuklylygy ornaşdyrmagyna kömek etmek üçin regionda harbylarymyzyň belli bir böleginiň galmaklygy hem möhüm. Meniň pikirimçe, biz radikal elementleriň ýurdy ele geçirmegine we olaryň gaýtadan terroristik hereketlere başlamagyna ýol berip bilmeris.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürlerde Owganystanyň öňki meýdan komandirleriniň öz tarapdarlaryny ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň düzümine girizmek barada alyp barýan tagallalary hakda käbir tassyklanan maglumatlar ýüze çykdy. NATO-nyň we ABŞ-nyň harbylary ýurdy terk edensoňlar Owganystanyň şol harbylarynyň ýurduň howpsuzlygyny öz eline almagyna garaşylýar. Habarlarda aýdylyşyna görä, haçanda şeýle adamlar howpsuzlyk güýçleriniň formalaryna eýe bolanda, resmi taýdan goralmaly adamlary goramagyň deregine gaýta olara basyş edip, güýç ulanyp başlaýandyklary barada şikaýatlar gowuşýar. Ýönekeý owganlylaryň şeýle aladalary Waşingtonda, Kongresiň agzalarynyň gulagyna ýetýärmi?

Dan Burton: Men Kongresiň daşarky gatnaşyklar komitetiniň agzasy, mundan öňki Kongresde men onuň Ýakyn Gündogar boýunça komitetiniň baş agzalaryndan biridim. Men şeýle ýagdaýlaryň bardygyna ynanýaryn.

Korrupsiýa juda ornaşan, netijede bu şeýle ýagdaýlaryň hem bolup biljekdigini aňladýar. Sebäbi tragiki problemalardan gazanç etmäge synanyşýan adamlar mydama tapylýarlar.

Meniň pikirimçe, ABŞ we onuň ýolbaşçylary, şeýle-de general Petrausyň ýolbaşçylygynda Owganystanda ýerleşýän harbylar, Owganystanda ýolbaşçy wezipelere bellenýän adamlaryň hakyky we arassa adamlar bolmagy üçin elinden gelenini aýamaýarlar.

Emma, muňa garamazdan, şeýle ýagdaýlaryň ýene-de ýüze çykmagy mümkin. Diýmek, ýagdaýa mydama gözegçilik etmeli bolar we gözegçilik etmek wezipesine arassa adamlaryň saýlanmagy zerur.

Azatlyk Radiosy: Terrora garşy göreş boýunça Pakistan bilen ABŞ-nyň gatnaşygy örän möhüm bolup durýar. Emma “Al-Kaýdanyň” ýolbaşçysy Osama Bin Laden amerikan harbylary tarapyndan Pakistanda öldürilenden soňra bu iki ýurduň gatnaşygy dartgynly. Käbir amerikan kanun çykaryjylary Pakistana berilýän kömekleriň togtadylmagyny talap edýärler. Öz nobatynda Yslamabat bolsa Hytaý bilen gatnaşygyny artdyrmagyň aladasynda. Yslamabat bilen Waşingtonyň strategiki gatnaşygy mundan beýläk nähili dowam eder?

Dan Burton: Pakistanda Osama Bin Ladeni goraýan käbir adamlaryň bolanlygyna ynanýarys. Emma ony goranlaryň wezipesiniň derejesi barada doly maglumatymyz ýok. Ýöne biz öz gizlin çeşmelerimiziň kömegi bilen bu ugurda size maglumat berip bileris.

Emma şol bir wagtyň özünde-de Pakistany tutuş regionda bize päsgelçilikleri döredýän käbir “Talyban” ýolbaşçylaryny we terroristleri ele salmakda biz bilen hyzmatdaşlyk eden hökümet dolandyrýar. Ýagny, häzirki ýagdaýda bir zat diýmegem kyn, diýmeseňem kyn. Meniň pikirimçe, biz Pakistan bilen gatnaşygy hökmän dowam etdirmeli. Daşary ýurtdan iberilmeli ýardamyň möçberi näçeräk bolmaly we biz näçeräk kömek ibermeli, bu zatlar hakda biz karara gelmeli.

Emma häzirki döwürde Pakistan meselesini unutmak biziň üçin ullakan tragediýa bolar. Sebäbi olaryň ýadro ýaraglary bar. Pakistan bilen Hindistanyň arasynda problemalar hem dowam edýär. Owganystana harbylary we harby enjamlary aşyrmak boýunça biziň Pakistana mätäçligimiz bar. Diýmek, biz olar bilen işleşmäge we problemalaryň çözgüdini tapmaga çalyşmaly.

Elbetde, bolan bu waka göwnejaý iş däl. Biz käbir adamlaryň Bin Ladeniň şol ýerde ýaşaýanlygyny bilýänligine göz ýetirýäris. Emma, muňa garamazdan, Owganystanda söweş gidip dur. Biziň maksadymyz “Al-Kaýdany” we “Talybany” basyp ýatyrmak. Biziň aramyzda düşünişmezlikleriň bardygyna we Osama Bin Laden ýaly problemanyň ýüze çykmagyna garamazdan, biz Pakistan bilen işleşmeli we şol problemalaryň çözgüdini tapmak barada olar bilen bilelikde iş alyp barmaly.

Azatlyk Radiosy: Prezident Obama ýaňy-ýakynda Waşingtonyň Ýakyn Gündogar we arap dünýäsi boýunça daşary syýasatyny yglan etdi. Obama şol çykyşynda rewolýusiýalaryň dowam edýän arap ýurtlarynda azat bazary we ykdysady reformalary goldaýanlygyny aýtdy. Arap ýurtlarynda dowam edýän protestler we olaryň sebäpleriniň çözgüdini tapmakda – bazar ykdysadyýeti reformasyny geçirmek şol problemalaryň çözgüdine gezek gelende, nädereje peýdaly bolup biler?

Dan Burton: Elbetde, men erkin bazaryň tarapdary, meniň pikirimçe, reformalaryň, şol problemanyň çözgüdi barada aýdylanda, oňyn täsiri bolar. Emma biziň üns bermeli zatlarymyzdan biri hem Liwiýada radikal gatlaklaryň bolmagydyr. Şol ýurtda Owganystandaky amerikanlary öldürýän we bize garşy göreşýän “Al-Kaýda” toparynyň liderleri hem bar. Müsür barada aýdylanda, şol ýurtda “Musulman doganlar” bileleşigi hereket edýär. Olaryň özgerenligini aýdýanlar köp. Emma men şol topar barada gysgaça barlag geçirdim we men olaryň özgerenligine o diýen ynanmaýaryn. Meniň pikirimçe, olar biziň üçin çemeleşilmeli problemalardan biri bolup galýarlar.

Ýakyn Gündogarda ýerleşýän beýleki ýurtlaryň hem ýagdaýyna seretsek, şol ýurtlarda-da dürli radikal elementleriň bardygyna we olar barada alada edilmelidigine göz ýetirýäris. Birinjiden, ykdysady bazary aýaga galdyrmak üçin şol regionda ýerleşýän islendik ýurda maýa goýup başlamazdan ozal, biz şol ykdysady serişdäniň nirä sarp ediljekdigine göz ýetirmeli. Ikinjiden, sistemany kimiň dolandyrjakdygyny anyklaşdyrmaly.

Men Amirkanyň ilaty tarapyndan tölenen bu salgytlaryň ýurdumyzyň duşmanlarynyň eline düşmegini we olaryň erkin dünýä howp salmagyny islemeýärin. Onsoň Kongresiň üsti bilen şol regiona iberiljek serişde barada aýdylanda, men öz sesimi göz öňünde tutup aýtsam, biz ilki bilen şol serişdäniň “Al-Kaýda” toparynyň we onuň tarapdarlarynyň, şeýle-de “Musulman doganlar” toparynyň eline düşmejegine göz ýetirip, soň ony goldarys. Haçanda biziň ýa-da Obamanyň administrasiýasynyň radikallaryň dolandyrýan regionlaryna maliýe serişdelerini iberip başlanlygyny eşitse, Amerikanyň ilaty muňa berk garşy çykar.

Azatlyk Radiosy: Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýyna siz nähili baha berýärsiňiz? Ýakyn Gündogarda hem-de Demirgazyk Afrikada ýerleşýän ýurtlar bilen deňeşdirilende Waşingtondaky kanun çykaryjylar Eýrana nähili baha berýärler?

Dan Burton: Adam hukuklary barada gürrüň edilende, Eýranyň ýagdaýy juda ýaramaz. Haçanda halk käbir zatlary talap edip, köçelere çykan badyna, nähili ýagdaýyň emele gelenligine siz özüňiz şaýat bolduňyz. Köçelere çykan adamlardan ençemesi öldürildi. Olaryň aglabasy türmä basyldy.

Biz şeýle radikal režimleriň üýtgedilenligini görmek isleýäris. Biz bu mesele boýunça häzirki döwürde Liwiýadaky ýagdaýlar barada gürrüň edýäris. Biz Tunisdäki, Müsürdäki, Siriýadaky ýagdaýlar barada gürrüň edýäris. Onsoň, Eýranyň hökümeti ýaly repressiw režimler barada aýdylanda, biz pozitiw özgerişleriň emele gelmegi üçin hereket edýän adamlardan elimizden gelen kömegi aýamaly däldiris.
XS
SM
MD
LG