Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky partlamada iki adam öldi


Şişenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astanada ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň deslapky sorag ediş merkeziniň golaýynda awtoulag partlady. Bu partlamada ulagyň içindäki iki adam öldi.

Astanadaky partlamada iki adam öldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:30 0:00


Milli howpsuzlyk komitetiniň we Içeri işler ministrliginiň resmileri bu partlamanyň terror hüjümine dahylynyň ýokdugyny öňe sürýärler. Bu partlama soňky hepdeleriň dowamynda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň binasynyň golaýynda amala aşyrylan ikinji partlamadyr.

Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna aýtmaklaryna görä, olar hatda aýnalary sarsdyran güýçli partlamadan oýanypdyrlar. Ýerli wagt bilen ir sagat 3.40 töwereklerinde amala aşyrylan bu partlamada töwerekdäki ýaşaýjylaryň arasynda pidalaryň bolmandygy habar berilýär.

Şaýatlar partlamanyň bolan ýeriniň daş-töwereginde adam bölekleriniň serlip ýatandygyny habar berdiler. Emma partlamadan soň, bu ýerdäki deliller arassalanyp aýrylypdyr.

Içeri işler ministrliginiň websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, partlamanyň bolan ýerinden “ýewropa sypatly” iki adamyň jesedi tapylypdyr. Olar awtomatiki şekilde herekete getirilene meňzeýän partladyjy serişdäniň ýarylmagy netijesinde ölüpdirler.

Içeri işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, asly gyrgyzystanly 48 ýaşly Dmitriý Kelplere we 26 ýaşly Gazagystanyň raýaty Iwan Çerýomuhine degişli dokumentler hem tapylypdyr. Resmi maglumata görä, Kelpleriň hem Çerýomuhiniň ikisi-de Gazagystanyň Ekibastuz şäheriniň ýaşaýjylary eken. Olardan biri ozal jenaýat jogapkärçiligine-de çekilipdir.

Şeýle-de Içeri işler ministrliginiň beýanatynda “munuň terroristik hüjümdigine şaýatlyk edýän hiç bir yşaratyň ýokdugy” bellenilýär.

Mundan bir hepde ozal Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe şäherinde janyndan geçen hüjümçi özüni partlatdy. Bu wakada janyndan geçeniň özi ölüp, başga-da üç adama şikes ýetipdi. 17-nji maýda amala aşyrylan partlama Gazagystanda janyndan geçeniň amala aşyran ilkinji hüjümi hasap edilýär.
XS
SM
MD
LG