Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Wulkan tüssesi sebäpli Ýewropada 500 töweregi uçuş ýatyryldy


Islandiýada täzeden wulkan atylyp, asmana göterlen kül-tozan sebäpli şu gün Ýewropanyň howa agentliklerine degişli 500 töweregi uçaryň uçuşy ýatyryldy.

Howa gatnawlarynyň esasan Demirgazyk Irlandiýada, Şotlandiýada we Skandinawiýa ýurtlarynda ýatyrylandygy habar berilýär.

Şenbe güni Islandiýanyň «Grimswot» atly dag gerşinde atylan bu wulkan Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Irlandiýa edýän saparynyň hem gysgaldylmagyna we onuň Britaniýa bir gün ir barmagyna sebäp boldy.

Geçen ýyl hem Islandiýada atylan wulkan sebäpli Ýewropanyň köp regionynda üç hepdeläp howa gatnawlarynda uly bökdençlikler döräpdi.
XS
SM
MD
LG