Sepleriň elýeterliligi

Eýranda Ahmedinejadyň sapary mahaly partlama boldy


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň ýurduň günortasyndaky «Abadan» atly nebit arassalaýjy stansiýasyna sapary wagtynda ol ýerde partlama we ýangyn ýüze çykdy.

Bu nebit arassalaýjy stansiýanyň direktory Abdulreza Mehrban bu wakada bir adamyň ölüp, birnäçe adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Wakada prezident Ahmedinejadyň özüne hiç hili zeper ýetmändir.

Eýranyň häkimiýetleri prezident Ahmedinejadyň saparyna gabat gelen bu partlamanyň tötänleýin tehniki näsazlyk sebäpli ýüze çykandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG