Sepleriň elýeterliligi

Özbek oppozisiýasy Berlinde maslahat geçirýär


Duşenbe güni Özbegistanyň oppozion toparlarynyň Berlinde açylan maslahaty şu gün ýene dowam etdi.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan özbek oppozisiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu maslahata käbir beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oppozisiýa wekilleri-de çagyrylypdyr.

Maslahata myhman hökmünde türkmen oppozisioneri, bosgunlykdaky «Respublika» partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow hem gatnaşýar.

Şu gün özbek oppozisiýa toparlary Berlindäki maslahatda özleriniň birleşen halk hereketiniň düzgünnamasyny hem kabul edipdirler.
XS
SM
MD
LG