Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Şewçenkonyň heýkeline gül goýuldy


Aşgabatda ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň heýkeline gül desselerini goýmak dabarasy boldy. Bu dabara şahyryň öz ýurdunyň topragynda gaýtadan jaýlanmagynyň 150 ýyllygyna gabatlanyp guraldy.

“Neýtralny Türkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, bu dabara Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, bu ýurtda işleýän ukrain diasporasynyň we kompaniýalarynyň wekilleri, şäheriň medeniýet we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.

1814-nji ýylda doglan we biraz wagt Hazar boýlarynda hem ýaşap, türkmen temasyndan hem goşgy ýazan Taras Şewçenko 47 ýaşynda Sankt Peterburgda sürgünlükde ýogalýar we şol ýerde topraga berilýär. Emma soň bir goşgusynda eden wesýeti esasynda onuň jesedi ukrain topragynda gaýtadan jaýlanýar.
XS
SM
MD
LG