Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu ABŞ Kongresinde öz parahatçylyk garaýyşlaryny çelgileýär


Premýer-ministr Netanýahu Ysraýyl hiç wagt palestinalylar bilen parahat ýaşaşmaga çalyşmakdan el çekmez we munuň üçin ýeňil bolmadyk eglişiklere gelmäge taýýar boldy diýdi.

Amerikan Kongresiniň goşma sessiýasynda çykyş eden Netanýahu Ysraýyl palestin döwletiniň ululyk ölçegi babatda jomart bolar diýdi. Ýöne ol Ysraýylyň 1967-nji ýyldaky «goragsyz» serhetlere dolanyp bilmejegini duýdurdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 1967-nji ýyldaky serhetleriň parahatçylyk gepleşikleri üçin esas bolmalydygyny aýdypdy.

Netanýahu Ysraýylyň palestin bosgunlarynyň we olaryň maşgalalarynyň Ysraýyldaky ýerlere dolanyp gelmegine garşylygyny we Ýerusalimiň Ysraýylyň birleşen paýtagty bolup galmalydygyny nygtady.

Palestin häkimiýetiniň prezidenti Mahmud Abbas bu çykyşdan soň Netanýahu hakyky, çynlakaý, uzak wagtlyk we hemmetaraplaýyn parahatçylyga tarap ýola has köp päsgelçilik goşdy diýdi.
XS
SM
MD
LG