Sepleriň elýeterliligi

ABŞ firmalara Eýran söwdasy babatda sanksiýa girizýär


Birleşen Ştatlar daşary ýurtlaryň ýedi kärhanasyna, şol sanda Wenezuelanyň döwlet nebit kompaniýasyna garşy sanksiýa girizýändigini yglan etdi.

Bu çäre Eýranyň ýadro ýaragy babatdaky isleglerini jylawlamakdaky täze tagallalaryň bir bölegi hökmünde görülýär.

Şeýle-de Döwlet departamenti Eýran, Demirgazyk Koreýa we Siriýa bilen bagly hytaý, siriýa, belarus we demirgazyk koreýa kompaniýalarynyň we şahsyýetleriniň 16-syna garşy goşmaça sanksiýa girizdi.

Bu sanksiýalar ýadro we ýarag geçirmek meseleleri sebäpli girizilýär.

Ýewropa Bileleşigi duşenbe güni 100-den gowrak kompaniýany gara sanawa goşup, özüniň Eýrana garşy sanksiýalaryny emläk doňdurmak arkaly has-da güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG