Sepleriň elýeterliligi

Wulkan tüssesi 500 çemesi uçar gatnawynyň goýbolsun edilmegine getirdi


Ýewropanyň howa ýoly gullugy Islandiýada çogýan wulkandan ýaýran tüssäniň Demirgazyk Irlandiýa, Şotlandiýa we Skandinawiýa ýaýramagy netijesinde 500 çemesi uçar gatnawynyň soňa goýlandygyny aýdýar.

Şenbe güni çogup başlan wulkandan ýaýraýan tüsse Norwegiýanyň howa ýolunda hem gysga wagtlyk bökdençlik döretdi we Daniýanyň howa giňişliginiň kiçiräk böleginiň ýapylmagyna mejbur etdi.

Kül buludynyň Şwesiýanyň günorta-günbataryna hem baryp ýetmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG