Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýol ýakasynda partlan bomba 10 adamy öldürdi


Günorta Owganystanda ýol ýakasynda partlan bomba azyndan 10 işçini öldürip, 28-sini ýaralady. Bu waka Kandahar welaýatynda boldy.

“Talyban” golaýda özüniň ýyllyk ýaz hüjümlerine başlaýanydygyny aýtdy.

Kandahardaky hüjüm NATO-nyň başlygy Anders Fog Rasmusseniň Kabula sapar eden wagtyna gabat geldi.

Ramussen owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen bilelikde çykyş eden metbugat ýygnagynda jeňçileri ýaraglaryny taşlap, gepleşikler ýoluny saýlap almaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG