Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejadyň baran zawodyndaky partlama iki adamy öldürdi


Prezident Mahmud Ahmedinejadyň sapary mahalynda Eýrandaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda ilki partlama, soňundan hem ýangyn boldy.

Ýarym resmi “Mehr” habar gullugy bu partlama netijesinde iki adamyň ölüp, ondan gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Ahmedinejada zat bolmady we ol partlamadan soň kän wagt geçmänkä telewideniýäniň ekranynda peýda boldy.

Ahmedinejadyň zawodda täze bölümi işe girizmek barada sözlän sözünde partlama barada agzalmady.
XS
SM
MD
LG