Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud Hodorkowskiniň hökümini güýjünde galdyrdy


Moskwa sudy Mihail Hodorkowsiniň garşysyna çykarylan ikinji kezzaplyk hökümini güýjünde galdyrdy, ýöne onuň türme möhletini bir ýyl gysgaltdy.

Häzir dargadylan "Ýukos" nebit kompaniýasyny esaslandyryjy Hodorkowskiý salgyt galplygy sebepli sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Dekabrda ol pul ýuwmakda hem günäli tapyldy we onuň tussaglyk möhleti 2017-nji ýyla çenli uzaldyldy.

Tarapdarlary oňa bildirilýän aýyplaryň galpdygyny we Hodorkowskiniň Wladimir Putina garşy oppozisiýany maliýeleşdirenligi üçin jezalandyrylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG