Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki premýer Timoşenko soragdan soň azat edildi


Ukriananyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko düýn uzakly gün sorag edilenden soň, Baş prokuraturanyň jaýyndan çykyp gaýtdy.

Timoşenko premýer-ministr wagty döwlet serişdesini nädogry harçlamak baradaky aýyplama esasynda gaýta-gaýta sorag edilýär.

Onuň partiýasy biraz öň Timoşenkonyň tussag edilendigini aýdypdy. Häkimiýetler bu aýdylýany inkär etdiler.

Timoşenkonyň tarapdarlary onuň garşysyna goýulýan aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG