Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarek adam öldürmekde we korrupsiýada aýyplanýar


Müsüriň gyrakladylan prezidenti Hosni Mubarek we onuň iki ogly hökümete garşy protestçileriň ölümi we korrupsiýa sebäpli jenaýat sudunda sud ediler.

Baş prokuroturanyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Mubarek we onuň ogullary Alaa hem Gamal 25-nji ýanwar rewolýusiýasynyň parahat demonstrasiýalaryna gatnaşyjylaryň käbirini bilkastdan öldürmekde aýyplandy.

Şeýle-de olar öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we jemgyýetçilik emlägine el urmakda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG