Sepleriň elýeterliligi

“Nabukko” gaz proýekti ýene gijigýär, Türkmenistan alternatiw eksport ýollarynyň gözleginde


“Nabukko” proýektiniň gurluşygynyň ýaňy-ýakynda ýene yza süýşürilenligi mälim edildi.

“Nabukko” proýektiniň gurluşygynyň ýaňy-ýakynda ýene yza süýşürilenligi mälim edildi.

Ýakynda “Nabukko” gazgeçirijisiniň gurluşyk işleriniň ýene bir gezek yza süýşürilenligi yglan edildi. Hazaryň gazyny Ýewropa akdyrmagy planlaşdyrýan bu proýekt mundan ençeme ýyl ozal tassyklanypdy, emma ilki onuň gurluşygynyň 2011-nji ýylda başlanjakdygy aýdylanam bolsa, soňra ol 2012-nji ýyla çenli yza süýşürildi.

Käbir habarlardan belli bolşuna görä, “Nabukko” proýektiniň gurluşygynyň ýaňy-ýakynda ýene yza süýşürilenligi mälim edildi. Häzirki plana görä, ol 2013-nji ýylda başlanar. Onuň gurluşyk işleri kadaly ýagdaýda gitse, bu proýektiň 2017-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýa sapary mahalynda, 12-nji maý.
Soňky döwürlere çenli, “Nabukko” Türkmenistanyň öz gazyny Ýewropa akdyrmagy barada göz öňünde tutýan esasy proýektlerinden biridi. Emma, käbir çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýakynda Rumyniýa eden saparynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Nabukko” bilen birlikde “AGRI” we “Ak akym” ýaly proýektler hakda-da gürrüň etmegi Aşgabadyň Ýewropa gaz akdyrmak boýunça alternatiw mümkinçilikler hakda oýlanyp başlanlygyny aňladýar.

Professor Robert Kutlar Kanadada ýerleşýän Karelton uniwersitetiniň Ýewropa we Ýewraziýa departamentiniň ylmy işgäri. Ol: “Energiýa boýunça “Ak akym” proýektiniň amala aşmak mümkinçiligi häzirki döwürde hasam artdy, onuň sebäbi Orsýet tarapyndan goldanylýan we bu proýekte bäsdeş diýlip hasaplanýan “Günorta akym” proýektiniň gün tertibinden aýrylmagydyr. Sebäbi Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ony amala aşyrmak pikirini üytgetdi” diýýär.

“Ak akym” gazgeçirijisi Hazaryň gazyny Gürjüstanyň üsti bilen Gara deňiz arkaly Rumyniýa akdyrmagy planlaşdyrýar. Bu proýekt başa baran halatynda onuň her ýyl 30 milliard kubometer gazy akdyrmaga ukyby bolar. Kanadaly professor Kutlaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň bu talaby ödemäge ýeterlik gazy bar we bu proýekte gatnaşýanlaryň maksady hem ony mümkin boldugyndan çaltrak amala aşyrmak.

“Ak akym”

“Olar “Nabukko” gazgeçirijisiniň gurluşygynyň başlanyp, tamamlanmagyna garaşýardylar, sebäbi Türkmenistan gurluşygy doly tamamlanan “Nabukko” proýektine her ýyl azyndan 10-15 milliard kubometer gaz goşant goşmagy planlaşdyrýar. Emma häzirki döwürde olar “Ak akym” proýektine çynlakaý üns berip başladylar” diýip, professor Kutler belledi.

“Ak akym” turbalarynyň ähtimal iki marşruty
“Nabukko” proýektiniň gurluşyk işiniň üç gezek yza süýşürilmegi bu gazgeçirijiniň haçan işe giriziljegi barada sorag döredýär. Ol işläp başlanda, Türkmenistanyň bu proýekte näçeräk gaz satmaga mümkinçiliginiň boljakdygy-da häzirlikçe anyk däl. Onuň sebäplerinden biri hem “Nabukko” proýektiniň iki tapgyrdan ybarat bolmagydyr. Birinji tapgyrda bu gazgeçirijiniň diňe 10-15 milliard kubometr gaz akdyrmaga mümkinçiligi bolar. Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, “Nabukko” proýektiniň ilkinji tapgyrynda türkmen gazyna garaşylmaýar. Onuň ikinji tapgyrynyň haçan işläp başlajakdygy barada anyk bir zat aýtmak kyn.

Şol bir wagtyň özünde-de bu proýekte Yragyň demirgazygyndan hem gaz alynjakdygy barada gürrüňleriň peýda bolmagynyň Türkmenistanyň Ýewropa gaz satmak boýunça beýleki alternatiw ýollara üns berip başlamagyna sebäp bolanlygy aýdylýar.

Professor Kutleriň aýtmagyna görä, “Ak akym” proýekti edil şeýle alternatiwlerden biridir we Türkmenistanyň bu proýekti gaz bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bar. Ol aýratynam bu proýekte bäsdeş diýlip hasaplanýan “Günorta Akymyň” gurluşygynyň gün tertibinden aýrylmagynyň “Ak akymyň” gurulmak mümkinçiligine badalga berjekdigini aýdýar.

“Esasy mesele bu gazgeçirijiniň gurluşygy üçin ýeterlik maýanyň bolmazlygydyr. “Ýewropa Bileleşigi bu barada barlaglar geçirdi, Brýussel bu proýekti oňlaýanlygyny hem aýtdy. Häzirki döwürde olar bu proýekti hakykatda amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaýarlar” diýip, professor Kutler belledi.

Professor Kutleriň aýtmagyna görä, eger “Ak akym” proýekti baradaky tagallalar çaltlaşdyrylsa, kanuny taýdan Türkmenistanyň oňa gaz satmagyna hiç hili päsgelçilik ýok, sebäbi Hazaryň statusynyň kesgitsiz bolmagy, şeýle proýektiň amala aşyrylmagyna böwet bolup bilmez.

“Transhazar” zerur

Kutler bu ugurda Türkmenistanyň Hazar deňzine ýanaşyk ýaşaýan ähli ýurtlaryň razyçylygyny alman, diňe Azerbaýjan bilen ylalaşyp, “Transhazar” ýaly proýekti amala aşyryp biljekdigini aýdýar. Türkmenistanyň “Nabukko” we “Ak akym” ýaly proýektlerde aktiw rol oýnamagy üçin “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurulmagy zerur.

Kanadaly professor Kutlar “Transhazara” garşy çykýan ýurtlaryň, esasan hem Orsýetiň we Eýranyň, agzalýan deňze dahylly beýleki ýurtlar bilen maslahatlaşman, ençeme ýyldan bäri Hazarda iş alyp barýanlygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, eger statusy kesgitlenmedik Hazarda amala aşyrylmaly proýekt boýunça hazarýaka ýurtlaryň ählisiniň razyçylygynyň alynmagy zerur bolsa, onda şol iki ýurt bu kanuny bireýýämden bäri bozup gelýärler.

Emma, muňa garamazdan, “Transhazar” proýektiniň haçan guruljagyny, gurulmaly bolan halatynda onuň maliýe we kanuny taraplarynyň nähili çözüljekdigini aýtmak kyn. Şeýle-de Türkmenistanyň häzirki döwürde haýsy proýekte has köp üns berýänligi hem anyk däl.

Şol bir wagtyň özünde-de bu proýektleriň hiç biriniň hem diňe Türkmenistanyň islegi bilen başa barmajagy aýdylýar. Sebäbi şeýle gazgeçirijileriň geçjek ýurtlary bilen bir hatarda onuň gurluşygy üçin ýeterlik maýanyň nähili üpjün ediljekdigi, onuň howpsuzlygy, galyberse-de regional güýçleriň şeýle proýektlere nähili garajakdygy sorag bolup galýar.

Ýöne “Nabukko” proýektiniň gaýta-gaýta yza süýşürylýän häzirki pursatynda “Ak akym” ýaly proýekt hakda gürrüň edilmegi, käbir ekspertleriň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň öz gaz eksportyny köp ugurly etmek boýunça ähli alternatiwler hakda pikirlenýänligini aňladýar.

Türkmenistan häzirki döwürde her ýyl Orsýete 10 milliard we Eýrana hem 10 milliard kubometer töweregi gaz satýar, türkmen gazyny Hytaýa akdyryp başlan proýekt häzirlikçe doly işe girizilenok. Netijede Türkmenistanyň nukdaýnazaryndan “Transowgan” we Ýewropa gaz akdyrjak turbalaryň gurulmagy uly ähmiýete eýedir. Emma onuň haçan amala aşyryljagy, hatda amala aşyp-aşmajagy hem häzirlikçe diňe sorag bolup galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG