Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň ykdysatçysy: azygyň bahasy boýunça krizisden çykmak üçin önümçiligi artdyrmaly


Bişkegiň bazarynda unuň bahasy. Merkezi Aziýada azyk harytlarynyň bahasy juda ýokarlandy.
Bişkegiň bazarynda unuň bahasy. Merkezi Aziýada azyk harytlarynyň bahasy juda ýokarlandy.
Häzir dünýäde azyk harytlarynyň bahasy gitdigiçe gymmatlap, ilatyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Bu tendensiýanyň öňüni almak üçin nähili çäreleri amala aşyrmaly?

Bu sowallar bilen Azatlyk Radiosy Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalyk guramasynyň ykdysatçysy Liliana Balbi bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Dünýäde azyk harytlarynyň bahasy ýokarlanýar. Näme sebäpden bu ýagdaý Merkezi Aziýa döwletlerine köp täsir etdi?

Liliana Balbi: Merkezi Aziýa döwletleri dünýä bazaryna garaşly. Olar ilata zerur bolan un we undan öndürilen harytlaryň 30-70%-ini import edýärler, ýagny daşary ýurtlardan getirýärler. Bu bolsa gaty köp. Zerur bolan harytlaryň ýarpysyny öz ýurduňda öndürmeseň, bahalar hem iki esse gymmatlasa, onda hakykatdan hem kyn ýagdaýa düşýärsiň.

Azatlyk Radiosy: Käbir ýurtlarda azygyň bahasynyň gymmatlamagy bilen bagly häkimiýetler ýurduň içinde azyk harytlarynyň bahasyna gözegçilik etmäge synanyşýarlar. Şeýle strategiýanyň gowy we ýaramaz taraplary barada gürrüň beräýseňiz?

Liliana Balbi: Dünýäniň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurdunda hem häkimiýetler bu usuldan peýdalanýarlar. Has hem, mysal üçin, Ermenistan hem Orsýet ýaly ýurtlarda halkyň esasy iýmiti bolan çöregiň bahasyna gözegçilik edilýär. Ýone bu usuldan peýdalanýan ýurtlarda goşmaça spekulýasiýanyň peýda bolmak howpy ýokarlanyar. Eger-de hemme dükanlarda hem bazarlarda azyk harytlaryna pes baha kesilse, onda bu çäräniň diňe kömege mätäç adamlara däl-de, hemme raýatlara gönükdirildigi bolar. Bu bolsa rasional çözgüt dal.

Azatlyk Radiosy: Käbir ýurtlaryň häkimiýetleri, ilata elýeterli bolar ýaly käbir azyk harytlarynyň bahasyny pes derejede saklamak üçin, döwlet býujetinden dotasiýa goýberýärler. Bu strategiýa nähili baha berip bilersiňiz?

Liliana Balbi: Bu meselede hemme faktorlary ölçerip-döküp görmeli, ýöne käbir ýurtlaryň tejribeleri bu çäräniň netije bermeýändigini görkezdi. Sebäbi administratiw gözegçilik gowşasa, onda bahalar iki esse galyp, spekulýasiýa ýol açylýar. Ýöne, elbetde, bahalary aşak gaşyrmak üçin dotasiýany ulanmagyň netijeliligi her ýurduň öz aýratynlyklaryna bagly. Azyk harytlarynyň bahalaryny dotasiýa arkaly aşaklatmak üçin döwlet býujetinde ýeterlik serişde bolsa, ilatyň aglabasynyň-da maliýe ýagdaýy ýaramaz bolsa, onda bahalary dotasiýa arkaly peseltmek usuly özüni ödäp biler. Ýöne bu ususly girizmek aňsat, soňra ony ýatyrmak welin, kyn bolýar.

Azyk harytlarynyň bahasyny pes derejede saklamak üçin býujete agram salynsa, başga maksatlara niýetlenen serişdeler dotasiýa gönükdirilse, onda diňe kömege mätäç adamlara ýardam berýän programmalar düzülse, ýerlikli bolardy.

Azatlyk Radiosy: Käbir ýurtlaryň häkimiýetleri ýurduň içinde öndürilýän harytlaryň ekportyna, mysal üçin, bugdaýyň ekportyna gadagançylyk girizýärler, şeýdip hem bu harydyň bahasyny ýurduň içinde pes derejede saklamaga synanyşýarlar. Muňa näme diýersiňiz? Bu usul netije berip bilermi?

Liliana Balbi: Eger hasyl gowy bolman, ýurduň içinde belli bir harydyň ýetmezçilik etmek howpy dörese, häkimiýetler eksporta gadagançylyk girizýärler. Azyk bol bolanda, bahalar pese gaçýar. Ýöne, başga tarapdan, dünýä bazarynda şol azygyň bahasy artýar. Bu bolsa hemme ýurtlara inflýasiýanyň basyşyny artdyrar. Ýagny, ekporta gadagançylyk girizip, öz raýatlaryny goramaga synanyşýan ýurtlara hem inflýasiýanyň basyşynyň artmagy ýaramaz täsirini ýetirer. Şonuň üçin, biziň pikirimize görä, bu çäre gaty az netije berýär. Dünýa derejesinde bolsa şeýle çäreler bahalaryň durnuklaşmagyna däl-de, olaryň galmagyna getirýär.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, azyk harytlarynyň bahalaryny pes derjede saklamak meselesinde aňsat çözgüt ýok-da? Aýry-aýry strategiýalaryň netijeliligi bolsa, şol ýurtlaryň maliýe mümkinçiligine görä kesgitlenýär. Emma geljekde azyklaryň nyrhynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin siziň guramaňyz näme maslahat berip biler?

Liliana Balbi: Azyk harytlarynyň gymmatlamagy bilen ýüze çykan ýagdaýa käbir ýurtlaryň onlarça ýyllaryň dowamynda oba hojalygyna ýeterlik maýa ýatyrmanlygy sebäp boldy. Ýagny, diňe azyk harytlarynyň önümçiligini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan berk syýasat şeýle krizisleriň geljekde ýüze çykmagynyň öňüni alyp biler. Häzir bolsa dünýäde ilat sany gitdigiçe ösýänligine garamazdan, azyk harytlarynyň önümçiligi artdyrylmady. Şonuň üçin bir ýerde tebigy betbagtçylyk ýüze çyksa, bu ýagdaý azygyň nyrhyny galdyrýar.

Şeýlelikde, şeýle krizisleriň öňüni almak üçin uzak möhletleýin çözgüt hökmünde hut azyk harytlarynyň öňümçiligini artdyrmak ýaly usullary ulanyp bolar. Munuň üçin bolsa soňky oba hojalyk tehnologiýalaryndan peýdalanyp önümçiligiň has netijeli işlemegini gazanmaly. Daýhanlara kreditleri elýeterli etmeli.

2008-nji ýylda ýüze çykan krizisden soň, Afrikanyň käbir ýurtlarynda şeýle strategiýa işlenip düzüldi we durmuşa geçirildi. Şonuň üçin, 2008-nji ýylyň krizisi bilen deňeşdirilende, soňky ýüze çykan krizis ol ýurtlara köp täsir etmedi.
XS
SM
MD
LG