Sepleriň elýeterliligi

Nikolaý Rubsow, rus şahyry

Bu obadan başym alyp giderin...
Derýa doňup galar, öwrülip buza.
Gijeler zarynlap jygyldar gapy,
Köçäniň çalpawy dyzyňa ýeter.

Ýadaw eneň uka batar ýylgyrman...
Atsyz-sorsuz solup giden ülkede.
Sallançagyň gapdalynda oturyp,
O gije aglarsyň wepasyzlygma.

Ýeri, onsoň, näme gözleriň süzüp,
Çöküp batgalykda töňňäň üstüne,
Ýabany tokaýyň bişen miwesin
Eliň aýasyndan iýdirdiň maňa?

Eşidýäňmi, ýel uwlaýar saraýda,
Eşidýäňmi, gyzyň gülýär ukuda?
Perişdeler oýnap, kim bilýär, belki,
Ony alyp gidýändirler asmana!

Gam çekme sen, beýdip durma kenarda,
Bu bahar garaşma arzyly gämä.
Gel, gowusy götereli bulgury
Ömri gysga mähriň hatyrasyna!

Aýratyn bir, uýtgeşik guş ikimiz,
Onsoň bir kenarda nämä garaşýas?
Belki-de, men dolanaryn yzyma,
Belki-de, hiç haçan gelmerin gaýdyp.

Ýone, bir gün şol miwäni ýatlaryn,
Hem garyp ülkede seniň söýgiňi...
Bir ajaýyp gurjak ibärin size,
Özümiň in soňky ertekim deýin.

Goý, seň gyzjagazyň gurjagy oýnap,
Ýeke oturmasyn gam-gussa batyp...
«Eje, gör, bu gurjak neneň owadan!
Hem-ä gözün gypýar, hemem aglaýar...»

Terjime eden: Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat
XS
SM
MD
LG