Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanda gaz konferensiýasy öz işine başlady


Sişenbe güni Türkmenistanyň milli «Awaza» turistik zonasynda ikinji Halkara gaz konferensiýasy öz işine başlady. Bu konferensiýa daşary ýurt kompaniýalaryndan we guramalaryndan jemi 500-den gowrak wekiliň gatnaşýandygy habar berilýär.

Maglumata görä, konferensiýada delegatlar Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky ösüşler hem-de bu pudakdaky hyzmatdaşlyklaryň perspektiwalary barada maslahat ederler.

Konferensiýanyň çäklerinde «Awaza» turistik zonasyndaky «Nebitçi» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň önümleriniň gatnaşmagynda ýörite sergi hem açyldy.
XS
SM
MD
LG