Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň»


Şu gün Türkmenistanyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär. Şu gün bu waka mynasybetli prezident G.Berdimuhamedow ýurduň okuwçylaryna we mugallymlaryna ýörite gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.

Resmi maglumata görä, bu ýyl ýurduň orta mekdeplerini 110 müňden gowrak okuwçy tamamlaýar. Häzirki wagt Türkmenistanda bu ýaşlardan diňe 5 müňe golaýy ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilimlerini dowam etdirmäge mümkinçilik alyp bilýärler.

Emma, muňa garamazdan, ýurduň resmi habar agentligi prezident G.Berdimuhamedowyň inisiwatiwasy bilen «amala aşyrylan giň gerimdäki reformalaryň» netijesinde mekdepleri tamamlaýan ýaşlaryň hünär saýlap almaklary we bilimlerini dowam etdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini tekrarlaýar.
XS
SM
MD
LG