Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Britaniýa: Kaddafiniň garşysyna görkezilýän basyşlar dowam eder


Şu gün amerikan prezidenti Barak Obama Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzýany gurnalan metbugat konferensiýasynda Barak Obama bilen Dewid Kameron Liwiýanyň lideri Maummar Kaddafiniň häkimiýetden çetleşmegi üçin görkezilýän basyşlary dowam etdirjekdiklerini nygtadylar.

Mundan daşary, prezident Obama ertir Fransiýada dünýäniň ykdysady taýdan ösen 8 döwletiniň liderleriniň geçirjek sammitinde-de Ýakyn Gündogarda demokratiýany ösdürmek meseleleri barada gürrüň ediljekdigini aýtdy.

Şu gün giçlik Barak Obama britan parlamentiniň aşaky we ýokarky palatalarynyň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG