Sepleriň elýeterliligi

AI Hodorkowskini «wyždan ýesiri» diýip yglan etdi


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy häzirki wagt tussaglykda oturan orsýetli biznesmenler Mihail Hodorkowskini we Platon Lebedewi «wyždan ýesirleri» diýip yglan etdi.

Bu wakanyň öňýany, düýn Moskwanyň şikaýat sudy Hodorkowskiý bilen Lebedewe garşy ozalky çykarylan hökümi öz güýjünde galdyrdy we diňe olaryň hersine berlen tussaglyk möhletini bir ýyl kemeltmek bilen çäklendi.

Bu tussaglaryň aklawçylary suduň hökümine garşy şikaýat etmeklerini dowam etdirjekdiklerini mälim etdiler.

Orsýetiň häkimiýetleri Mihail Hodorkowskiý bilen Platon Lebedewi maliýe galplyklarynda aýyplaýarlar.

Geçen hepde “Amnesty International” guramasy bu iki tussagyň «wyždan ýesiri» diýlip yglan edilmegi üçin heniz ýeterlik esasyň ýokdugyny öňe sürüpdi.

Ýöne indi olaryň «wyždan ýesiri» diýlip yglan edilmeklerine anyk nähili ýagdaýyň sebäp bolandygyny “Amnesty International” guramasy aýdyňlaşdyrmaýar.
XS
SM
MD
LG