Sepleriň elýeterliligi

Owgan etrabynyň Duabyň aglaba bölegi talyplaryň eline geçdi


Şu gün Owganystanyň gündogaryndaky Nuristan welaýatynyň häkimi Jamaluddin Badar bu welaýatyň Duab etrapynyň aglaba bölegini talyp söweşijileriniň öz kontrollyklaryna alandyklaryny mälim etdi.

Pakistan bilen serhet ýakadaky bu Duab etrapynda talyp söweşijileri bilen atyşyklar birnäçe hepde bäri dowam edip gelipdi.

Nuristan welaýatynyň häkimi Duab etrapynyň häkimliginiň binasynyň hem talyplar tarapyndan ele alnandygyny aýtdy.

Owganystanyň Nuristan welaýaty hökümetiň ýa-da NATO-nyň harby güýçleri tarapyndan goralmaýar, ol ýerde häzirki wagt diňe polisiýa güýçleri hereket edýär.
XS
SM
MD
LG