Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň prezidenti Kim Joň Il bilen duşuşdy diýilýär


Şu gün habar agentlikleri Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň Il bilen Hytaýyň prezidenti Hu Jintaonyň özara duşuşandyklaryny habar berdiler. Munuň özi şu ýylyň dowamynda bu iki lideriň üçülenji duşuşygydyr.

Emma Hytaýyň Daşary işler ministrligi şu gün şeýle duşuşygyň bolandygyny tassyklamady.

Şeýle-de bolsa, Günorta Koreýanyň habar serişdeleri Demirgazyk Koreýanyň lideriniň şu gün irden özüniň şahsy otlusynda Pekine barandygyny tassyklap maglumat ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG