Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GCA: Türkmenistanyň öz gaz gory boýunça dünýäde ikinji orunda durýan bolmagy mümkin


Sişenbe güni Britaniýanyň «Gaffney, Cline and Assosiates» kompaniýasynyň dolandyryjysy Piter Holding «Awaza» turistik zonasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň öz gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde ikinji orunda durýan döwlet bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Hususan-da, «Gaffney, Cline and Assosiates» kompaniýasynyň Orsýet we Hazar sebiti boýunça menejeri Piter Holding 3 müň kwadrat kilometr meýdany öz içine alýan Günorta Ýolöten gaz ýatagynda juda köp gaz zapasynyň ýerleşýändigini we onda köp ugurlar boýunça özleşdiriş işleri üçin uly perspektiwalaryň hem bardygyny belledi.

Ýöne ol gazyň zapasynyň anyk näçe möçberde bolmagynyň mümkindigi barada resmi beýanat etmedi.

Britaniýanyň «Gaffney, Cline and Assosiates» kompaniýasy Türkmenistanyň energiýa ýataklarynda audit işlerini alyp barýar. Mundan ozal bu kompaniýa Türkmenistanyň şu energiýa ýatagynda 14 trilliona çenli gaz zapasy bar diýip hasaplaýandygy barada beýanat ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG