Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maşynlar näme üçin gymmatlaýar?


Halk içinde has köp isleg bildirilýän "Toyota" maşynlaryndan has arzan bolan, Germaniýadan getirilýän motor güýji 1,6-2 litrlik "Opel" maşynlarynyň hyrydarlary hem soňky bir ýylda ep-esli artypdyr.
Halk içinde has köp isleg bildirilýän "Toyota" maşynlaryndan has arzan bolan, Germaniýadan getirilýän motor güýji 1,6-2 litrlik "Opel" maşynlarynyň hyrydarlary hem soňky bir ýylda ep-esli artypdyr.
Türkmenistanda soňky bir ýylyň dowamynda ýeňil awtomaşynlaryň, umuman, maşynlaryň bahasy yzygider ýokarlanyp gelýär. Mysal üçin, ilat arasynda "Baboçka" diýlip atlandyrylýan 2,2 litr motor güýji bolan 2000-2002-nji ýylyň "Toýota Camry" maşyny geçen ýylyň sentýabr-oktýabrynda 7400-7500 amerikan dollaryna duran bolsa, häzir şeýle markaly maşyny almak üçin azyndan 8700-9000 amerikan dollaryny bermeli.

Ýurdumuzda maşynlaryň bahasynyň gymmatlamagynyň birnäçe sebäpleri bar. Ilki bilen 2010-njy ýylyň başyndan ýurdumyza on iki ýyldan aňyrdaky maşynlary getirmek gadagan edildi. Häzir 1999-njy ýyldan aňyrdaky maşynlary gümrük gullugyndan geçirmeýärler. Maşyn söwdagärleri öň, esasan, 1990-1998-nji ýyllar aralykdaky roly çep tarapa geçirilen, il içinde "samsyk kemri", "mark" atlandyrylýan 1994-96 ýyllardaky "Toyota Camry" hem-de "Toyota Mark" ulaglary getirýärdiler. Şeýle markaly maşynlary 2008-2009-njy ýyllarda 3,5-4 müň amerikan dollaryna almak mümkindi. Emma häzir ýurdumyzyň islendik künjegindäki bazardan agzalan markaly ýeňil maşynlary almak üçin 5, hatda 6 müň amerikan dollaryny bermeli.

Has dogrusy, köne maşynlary getirmek gadagan edilenden soňra, maşyn söwdagärleriniň özleriniň tassyklamagyna görä, 1999-njy ýyldan aňyrdaky daşary ýurt ýeňil maşynlarynyň ähli görnüşiniň bahasy ortaça 40-50% ýokarlanypdyr. Sebäbi ilatymyzyň uly böleginiň ýyly täze maşynlary almaga güýji ýetmän, köne maşynlara islegiň köpdügi üçin olar barha gymmatlaýar.

Halk içinde has köp isleg bildirilýän "Toyota" maşynlaryndan has arzan bolan, Germaniýadan getirilýän motor güýji 1,6-2 litrlik "Opel" maşynlarynyň hyrydarlary hem soňky bir ýylda ep-esli artypdyr. Häzir 2000-nji ýylyň "Opel" maşynyny bazardan 6 müň amerikan dollary töwerek baha almak mümkin, ýöne bu maşynlaryň-da bir-iki ýyl mundan ozalky nyrh bilen deňeşdireniňde 20-25% möçberinde gymmatlandygyny bellemek gerek.

Käbir ykdysadyýetçiler ýeňil awtomaşynlarynyň bahasynyň daşary ýurt walýutasynda gymmatlandygyna garamazdan, türkmen manadynyň bahasynda 2005-2006-njy ýyllar möçberindäki bahasynda saklanýandygyny belläp, gara bazarda amerikan dollarynyň bahasynyň 60-70% arzanlamagy bilen walýutanyň hümmetsizlenmegi netijesinde amerikan dollarynda maşynlaryň bahasynyň ýokarlanandygyny öňe sürýärler.

Ýeňil maşynlaryň bahasynyň gymmatlamagyna daşary ýurtlarda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen maşynlary ýurda getirmek üçin ýol kireýleriniň gymmatlamagynyň, şeýle hem maşynlary ýurda getirmek üçin şu ýylyň başynda gümrük paçlarynyň 20% möçberinde galdyrylmagynyň hem uly sebäpleriň biridigini aýtsa bolar.

Käbir adamlar, ekologlar ýurdumyza köne maşynlaryň getirilmeginiň gadagan edilmeginiň olaryň bahasynyň galmagyna sebäp bolandygyna seretmezden, ekologiýamyzyň arassa saklanmagyna goşant etjekdigini öňe sürýärler hem bu çäräni goldaýarlar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG