Sepleriň elýeterliligi

Ýewropalylar Siriýanyň ýazgarylmagyny isleýär


Ýewropa döwletleri BMG-niň Siriýada parahatçylykly demonstrasiýalaryň basylyp ýatyrylmagyny ýazgarýan rezolýusiýasyny tasladylar.

Günbatar habar gulluklary BMG-niň diplomatlaryna salgylanyp, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Portugaliýanyň taslamanyň tekstini 15 döwletden ybarat geňeşiň hem agzalaryna iberendigini ýazýarlar.

Geçen aý ýewropalylar ABŞ-nyň goldawynda siriýa zorlugyny ýazgarýan beýanata geňeş razylygyny almaga synandylar. Emma Orsýet muňa garşy çykdy, Hytaý bilen Hindistan bolsa, ýazgaryşy agzaman, krizisi parahatçylyk arkaly çözmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG