Sepleriň elýeterliligi

Obama ABŞ-nyň we Ýewropanyň pese gaçýandygy baradaky pikiri ret edýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Hytaý, Hindistan we Braziliýa ýaly ýurtlaryň güýçlenmegi gutulgusyz Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň gowşamagyny aňladýar diýen pikiri ret etdi.

Angliýa edýän döwlet saparynyň ikinji gününde, Westministr zalynda britan parlamentiniň iki palatasyna ýüzlenip eden çykyşynda Obama: “Biziň ýolbaşçylygymyzyň wagty häzirki wagt” diýdi.

Obama biraz öň metbugat ýygnagynda britan premýer-ministri Deýwid Kameron bilen liwiýa lideri Muammar Kaddafiniň işden çekilmegi baradaky çagyryşlaryny gaýtalady we özleriniň basyşy güýçlendirjeklerini duýdurdy.

Obama şu gün Fransiýada geçjek sammitde özüniň senagatlaşan ýurtlaryň sekizliginiň topary bilen Orta Gündogarda demokratiýany ilerletmek barada maslahat etjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG