Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müsür palestinalylar üçin Rafah serhet geçelgesini açýar


Müsür 27-nji maýdan başlap Gaza geçilýän Rafah serhet geçelgesini gazalylaryň köpüsi üçin hemişelik açmaly edýär.

Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy “Mena” Gaza Ysraýyldan sowa geçilýän ýeke-täk serhet geçelgesiniň anna gününden we baýramçylyk günlerinden başga günlerde her gün ir sagat 9-dan 21- çenli açyk boljagyny aýtdy.

“Menanyň” habaryna görä, 18 ýaşdan aşakdaky we 40 ýaşdan ýokardaky aýal-erkekler geçelgeden wizasyz geçip biler.
XS
SM
MD
LG