Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda elden giden etrap yzyna alyndy


Owgan resmileri koalisiýa we owgan goşunlarynyň demirgazyk-günbatardaky çet-gyra owgan etrabynda bolan gazaply söweşden soň kontrollugy öz ellerine geçirendiklerini aýdýarlar.

Söweş netijesinde “Talyban” söweşijileriniň 28-siniň öldürilendigi aýdylýar.

Nuristanyň gubernatory Jamaludin Badr “Talybanyň” biraz öň Pakistan bilen serhetdäki Duab etrabynyň günbatar bölegini ele geçirendigini we tutuş etraba wehim salandygyny aýtdy.

Goranmak ministrligi bu ýere wertolýotdan taşlanan owgan esgerleriniň derhal etraby arassalandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG