Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat bilen Baku Hazar meselesine çözgüt gözleýär


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar meselelesi boýunça türkmen-azeri maslahaty geçirildi.

Azerbaýjan delegasiýasyna ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, dostlukly hem düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşykda taraplar Hazaryň halkara hukuk durumyny etaplaýyn kesgitlemek prosesiniň gidişi, onuň biodürlüligini we ekologiýasyny gorap saklamak barada maslahat etdiler.

“Taraplar Türkmenistanyň we Azerbeýjanyň meseläni diplomatiki we hukuk serişdeleri we usullary arkaly çözmek babatdaky aýgytlylygyny aýrytyn nygtadylar. Hazarýaka sebitinde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara ylalaşykly hereketiň ösüşi kenarýaka döwletleriniň ählisiniň uzak möhletli bähitlerine gabat gelýär” diýip, Daşary işler ministrliginiň habarynda bellenýär.
XS
SM
MD
LG