Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Dünýä nebit geňeşine synçy bolup girer


Düýbi Londonda ýerleşýän we Ýer togalagynda öndürilýän nebit-gazyň 95 prosente golaýyny öndürýän, 65 ýurdy özüne birikdirýän Dünýä nebit geňeşi Türkmenistany özüne goşulmaga çagyrýar.

TDH bu habary Dünýä nebit geňeşiniň wise prezidenti, professor Anatoliý Zolotuhina salgylanyp ýaýratdy.

“Biz golaýda Türkmenistana Dünýä nebit geňeşiniň düzümine goşulmaga çakylyk iberdik. Häzir bu mesele boýunça netijeli gepleşik alnyp barylýar. Kanagatlanmak bilen belläsim gelýär, Türkmenistan Dünýä nebit geňeşine synçy hökmünde girmekçi” diýip, Zolotuhin aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG