Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewroparlament Türkmenistan bilen ylalaşygy togtatdy


Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen gatnaşygyny ýokarlandyrmak baradaky karary iýul aýyna çenli yza süýşürdi. Bu prosesiň öňümizdäni güýze goýulmagy-da ahmal.

Ýaňy aprel aýynda Ýewropa Parlamentiniň agzalaryndan durýan delegasiýa adam hukuklarynyň ýagdaýyny barlamak üçin Türkmenistana barypdy. Bu ýurt bilen “Ýaranlyk we Hyzmdatdaşlyk ylalaşygynyň” (PCA) duruzylmagyna sebäp bolan zat bu saparda gelnen netijeler.

Bu hyzmatdaşlyklar Sowet Soýuzynyň dargamagyndan dörän döwletler bilen iş salyşmakda ÝB-niň ulanýan adaty hyzmatdaşlyk formalary bolup durýar. Syýasy we ykdysady dialog üçin kanuny mümkinçilik bolan bu hyzmatdaşlyklardan maksat demokratiýany we funksional bazar ykdysadyýetini goldamak.

Daşary işler komiteti ýanwar aýynda bu ylalaşygy oňlap, ratirfisirlenmegi üçin onuň parlamentde sese goýulmagyna ýol açdy. Ýöne adam hukuklaryna degişli ençeme meselede öňegidişligiň bolmazlygy ÝB-niň kanun çykaryjylarynyň bu prosesi yza süýşürmegine getirdi.

Eşiden deň bolmaz gören göz bilen

Ýewropa Parlamentiniň Finlandiýadan bolan agzasy Heýdi Hautala Türkmenistana giden delegatlaryň biri. Ol Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň hem ýolbaşçysy. Hautala Türkmenistanda gören zatlarynyň özüniň aladalandyrandygyny aýdýar.

“Türkmenistanda bize graždan jemgyýetiniň wekilleriniň biri bilen-de duşuşmaga ýol berilmedi. Sebäbi ilki bilen olaryň bolmagy howply hasaplanýar. Ikinjiden-de, olaryň sany köp däl. Sebäbi olar türme tussaglygy we şolar ýaly zatlar bilen berk kontrollyk astynda saklanýar. Şol sebäpden men Türkmenistanyň başgaça pikirlenişe ýol bermelidigine düşünmegini islýärin” diýip, Hautala aýdýar.

Ýewropa Parlementiniň portugaliýaly agzasy Ana Gomes
Türkmenistan baradaky ylalaşyk Ýewropa Parlementindäki esasy partiýalaryň arasyna bölünişik saldy. Delegasiýanyň tankydy doklady Daşary işler komitetini ikirjiňlendirdi.

Ýewropa Parlementiniň portugaliýaly agzasy Ana Gomes hem Türkmenistana sapar edenleriň biri. Onuň pikiriçe, Aşgabatda bilen bolan häzirki aralyk ylalaşyk Brýussel üçin ýeterlik.

“Biz adam hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini tutanýerlilik bilen talap etmek üçin iş alyp barmak gerek, ÝB-niň Türkmenistanda degişli delegasiýasynyň bolmagy gerek diýen pikirde. Bu “Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygyny” talap edenok. Bize munuň üçin ol ylalaşyk gerek däl. Biz aralyk ylalşykdan doly peýdalanmaly. Aralyk söwda ylalaşygy bar. Ol adam hukuklary maddasy bilen Türkmenistanyň entek ýerine ýetirmedik beýleki zatlaryny hem öz içine alýar” diýip, Gomes belleýär.

Parlament ylalaşygy makullamazdan öň iki zady isleýär. Ilki bilen ÝB-niň bu ýurtda degişli delegasiýasy bolmaly. Ikinjiden-de, adam hukuklarynyň möhüm meselelerine baha berer ýaly, doly işläp duran bir mehanizm bolmaly. Bu ýerde syýasy tussaglaryň boşadylmagy we adam hukuklary boýunça garaşsyz gözegçilere ýurda barmaga ýol berilmegi ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.

Gapma-garşylyga getirdi

Ýewroparlamentiň ylalaşyga göwünsizligi ony Ýewropa Bileleşiginiň diplomatik şahasy bilen gapma-garşylyga getirdi.

“Biziň garaýşymyzça, Türkmenistan regionda “Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşgyna” degişli bolmadyk ýeke-täk ýurt. 20 ýyldan hem geçýän köne iş strukturamyz bar. Şol sebäpden ÝB-niň elinde adam hukuklaryny ilerletmek üçin bir gowy gural bolar ýaly, “Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygyna” gol çekilmeginiň möhümdigini pikir edýäris” diýip, ÝB-niň baş diplomaty Ketrin Aştonyň sözçüsi Maja Koçijançiç aýdýar.

Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň ýolbaşçysy Heýdi Hautala
Ýöne Hautala ÝB-niň Daşary işler boýunça gullugynyň bu gürrüňleri bilen yryljaga meňzänok: “Olar Türmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak barada gaty çynlakaý iş edýäris diýen täsir galdyrjak bolýarlar. Şeýle hem “Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygy” bilen doly iş alyp baryp, ýagdaýy doly gowulandyrmak mümkin diýen bütinleý ýalňyş täsir galdyrýarlar”.

Aslynda iki organyň oňuşmazlygyna ýol açan zat 2009-njy ýylda kabul edilen Lissabon şertnamasy. Bu şertnama güýje gireli bäri Türkmenistan bilen ylalaşyk hem Ýewropa Parlamenti hem-de ÝB-e agza döwletler tarapyndan doly ratifisirlenmegi talap edilýän ilkinji dokument.

Şol sebäpden synçylar türkmen ylalaşygynyň daşary gatnaşyklarda öz güýjüni görkezmek isleýän Ýewropa Parlamenti bilen Ýewropa Bileleşiginiň beýleki organlarynyň arasynda barýan göreşde belli bir gurala öwrülip barýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG