Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Merkezi Aziýa rewolýusiýalar abanýarmy?


 “Tegelek stol” duşuşygy “Merkezi Aziýa rewolýusion tolkunlaryň howpy abanýarmy?” diýen sowala bagyşlandy, Moskwa, 26-njy maý.

“Tegelek stol” duşuşygy “Merkezi Aziýa rewolýusion tolkunlaryň howpy abanýarmy?” diýen sowala bagyşlandy, Moskwa, 26-njy maý.

Moskwada Orsýetiň Merkezi Aziýa bounça bilermenleriniň gatnaşmagynda 25-njy maýda geçirilen “Tegelek stol” duşuşygy “Merkezi Aziýa rewolýusion tolkunlaryň howpy abanýarmy?” diýen sowala bagyşlandy.

Bu çärä Halkara syýasy ekspertiza institutynyň müdiri Ýewgeniý Minçenko, Orsýetiň Strategik barlaglar insititutynyň “Milli strategiýanyň problemalary” žurnalynyň baş redakory Aždar Gurdow, postsowet giňişligini öwrenýän Informasion-analiz merkeziniň müdiri Alekseý Wlasow, Hazar hyzmatdaşlygy insitutynyň müdiri Sergeý Miheýew we Milli strategiýa institutynyň halkara proýektler boýunça müdiri Ýuriý Solozobow dagylar gatnaşdylar.

“Merkezi Aziýada syýasy öwrülişikleriň emele gelmegine mümkinçilik bar, emma döräp biljek öwrülişikler Günbataryň ösen demokratiýa esaslanýan jemgyýetlerindäki ýaly özgerişliklere getirmez” diýen pikir Orsýetiň bilermenleriniň geçiren “Telek stol” duşuşygynda öňe sürlen esasy garaýyş boldy.

Bilermenleriň köpüsi arap dowletlerinde bolup geçýän syýasy wakalara mahsus sosial partlamalaryň badynyň garyp ilatly Merkezi Aziýa regionynda-da emele gelmeginiň ähtimaldygyny bellediler.

Postsowet giňişligini öwrenýän Informasion-analiz merkeziniň müdiri Alekseý Wlasowyň pikirine gorä, Merkezi Aziýa regionynda ilatyň sanynyň artmagy, ýaşlaryň sanynyň köpelmegi, milletçiligiň, dindarlygyň artmagy, korrupsiýanyň güýçlenmegi we hakyky sosial çareleriň görülmeýänligi ýaly faktorlar sosial partlamalara şert döredýär.

Biri-birinden tapawutly

Emma bilermenler regionlaryň birek-birekden tapawutlanýanlygyny we hatda Merkezi Aziýa regionynyň özünde-de ýurtlaryň biri-birinden tapawutlanýanlygyna hem ünsi çekdiler.

Milli strategiýa institutynyň halkara proýektler boýunça müdiri Ýuriý Solozobow öwrülişikler meselesinde daşarky faktorlaryň ähmiýetine degip geçdi. Ol öz nukdaýnazaryny delillendirip, ABŞ-nyň Merkezi Aziýany özgertmek arkaly bu regionda Hytaýyň barha güýçlenýän täsirini gowşatmak isleýänligini öňe sürdi.

“Uly Merkezi Aziýa diýen plan bar. Onuň merkezinde demokratik Owganystany döretmek maksady durýar. Şeýle nusgany Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýa döwletlerine hem teklip edýärler. Bu bolsa Hytaýyň ökjesine ot basmak üçin gerek bolýär” diýip, Solozobow belledi.

Solozobow öz çykyşynda rewolýusiýalary betbagytçylyk diýip atlandyrdy. Ol Merkezi Aziýanyň, hususan-da Türkmenistanyň özgerişi üçin rewolýusiýadan başga ýoly ykdysady kuwwatyň güýçlendirilmeginde görýär. Halkara ykdysadyýetine aralaşmak we daşary ýurt inwestisiyalaryny çekmek bolsa esasy şert bolup durýar.

Solozobowyň pikirine görä, üzňelik Türkmenistan üçin esasy päsgelçilik we şonuň üçin Türkmenistanyň özüni dünýä açmagy we tanatmagy zerur.

Birinji kim?

“Tegelek stol” duşuşygyna gatnaşan Orsýetiň bilermenleriniň mälim eden umumy pikirine görä, regionda syýasy tolgunmalar we sosial närazylyklar howpy birinji nobatda Gyrgyzystana we Täjigistana abanýar. Bu ýurtlaryň yzyndan Özbegistan bilen Türkmenistan barýar.

Orsýetiň Strategik barlaglar insititutynyň “Milli strategiýanyň problemalary” žurnalynyň baş redakory Aždar Gurdow Özbegistanyň Türkmenistana garanda demokratik potensialynyň has uludygyny belledi.

Gurdowyň sözlerine gora, Özbegistandan tapawutlylykda Türkmenistanyň häkimiýetlerinde giňişleýin halk çykyşlaryny basyp ýatyrmak tejribesi ýok. Emma ýurduň ýörite gulluklarynyň islendik närazylyklary düýbünden ýok etmek gurallary protestleriň doremeginiň ähtimallygyny gowşadýar.

Orsýetli bilermenleriň pikiriçe, geljekde syýasy öwrülişikleriň döremezligi babatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň uly şansa eýe Gazagystandyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG