Sepleriň elýeterliligi

Daýhanlaryň hukugy


Ýazgulyýew: "Daýhanyň kärende ekinine şertnama boýunça «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy wagtynda tehnika hyzmatyny etmeli".

Ýazgulyýew: "Daýhanyň kärende ekinine şertnama boýunça «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy wagtynda tehnika hyzmatyny etmeli".

Bilşimiz ýaly, resmi Aşgabat daýhanlarymyzyň 900 müň gektardan gowrak meýdana galla, 550 müň gektar meýdana pagta ekýändiklerini tassyklaýar. Kärendeçiler bilen baglaşylýan şertnama görä, Türkmenistanyň suw hojalygy ministrliginiň ýerli edarasy daýhanlaryň kärende ekin meýdanlaryny kadaly suw bilen üpjün etmeli.

Oba hojalyk suw hünärmenleriniň, agronomlarynyň aýtmagyna görä, biziň ýurdumyzyň şertlerinde galla meýdanlaryna azyndan dört, pagta ýetişdirmek üçin bolsa alty sapar suw bermeli. Emma ýurdumyzyň dürli künjeginden söhbetdeş bolan daýhanlarym gallalaryny 2-3, pagtalaryny bolsa 3-4 gezekden köp suwaryp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Mysal üçin, Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginden 10 gallaçy kärendeçiniň 100 gektar bugdaýyna ýerli suw edarasynyň işgärleriniň günäsi bilen ýeke gezegem suw berilmändir. Ol kärendeçiler ýerli suw edarasynyň daýhanlarynyň ekinlerine suw bermän guradandyklaryny aýdyp, prezident poçtasyna çenli arz edipdirler. Emma iň soňunda ekine suw berilmän, guradylan bolsa-da, bugdaý ekmek, ýetişdirmek üçin eden ähli çykdajylaryny diňe daýhanlaryň özleriniň tölemeli boljakdyklaryny aýdypdyrlar hem olardan indi ýokary instansiýalara arz etmegi bes etmegi talap edipdirler.

Kimiň günäsi?

Daýhanyň kärende ekinine şertnama boýunça «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy wagtynda tehnika hyzmatyny etmeli. Emma häzir oba hojalygynda “Pagta ekişi tamamlandy” diýlip, hasabat berlendigine seretmezden, tehnikanyň bütinleý ýetmeýändigi sebäpli, henize çenli pagta ekmeli ýerini sürdürip bilmän ýören daýhanlar-da Ahal, Mary welaýatlarynyň etraplarynda barmak büküp sanardan köp.

Geçen ýyl Altyn asyr etrabynyň Mäne-Çäçe obasynyň daýhanlary döwlet emeldarlarynyň käbiriniň günäsi bilen, esasan dökünsiz galdylar, bu bolsa kärendeçileriň pagta-bugdaý ekininiň hasylynyň ýarpy bolmagyna sebäp boldy, ýöne bu obanyň daýhanlarynyň ýitiren ýarpy hasyly üçin jogap beren ýolbaşçy tapylmady.

Garaz, daýhanlar ýerli suw edarasyndan ekinlerine kadaly suw alyp bilenoklar. «Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy bolsa kärendeçä wagtynda tehnika ýardamyny berip bilenok. Haýsydyr bir emeldaryň günäsi bilen daýhan almaly dökünine eýe bolup bilenok. Daýhana örän pes hilli tohum berýändigi üçinem jogap berýän emeldar ýok. Şeýlelikde daýhan bilen baglaşylan şertnama boýunça olaryň ekinine hyzmat etmeli edaranyň ýolbaşçylarynyň ýa-da olaryň garamagyndaky işgärleriň günäsi bilen daýhanyň ekinine talabalaýyk hyzmat edilmän ýa suw berilmän, kärendeçiniň bähbidine uly zarba urulýar, şeýdibem köplenç ýylboýy zähmet çeken daýhanyň agyr bergä batyrylýan halatlaram az däl.

Kanuny jogapkärçilik

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasynda döwlet emeldarlarynyň, edara-kärhananyň ýolbaşçylarynyň, aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri netijesinde raýatlaryň bähbidine zeper ýetirilse, olaryň kazyýetiň üsti bilen maddy hem ahlak zyýanlarynyň öwezini töletmäge haklydygy kepillendirilen.

Ýöne gynansagam, Baş kanunymyzyň özem, onuň 44-nji maddasam kagyz ýüzünde galýandygy, üstesine hem ýurdumyzyň üç häkimiýetiniň biri bolan kazyýet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji häkimiýete garaşlydygy üçin, daýhanlar edara-kärhananyň, assosiasiýanyň ýolbaşçylarynyň ýa-da olaryň tabynlygyndaky işgärleriň ýetiren maddy zyýanyny olara töletmekden geçen, gaýtam kärendeçileriň guradylan ekinleri üçin ähli edilen çykdajylary daýhanlaryň diňe özleri tölemeli bolýarlar.

Has dogrusy, daýhanyň maddy bähbidine uly zarba urup, ony uly bergä batyryp, ruhy taýdan çökerýän emeldar ýa haýsydyr bir ýolbaşçy daýhana maddy hem ahlak taýdan ýetiren uly zyýany üçin hiç hili jogapkärçilik çekenok. Şeýdibem daýhanlaryň hukugyny goramaly kanunlaram işlänok.

Daýhanlaryň depelenen hukugyny goramak üçin olaryň mertebesini goramaly kanunlaryň işlemegi wajyp, munuňam üstesine daýhanyň bähbidine zeper ýetirýän emeldaryň kanun öňünde jogapkärçilik çekmegi zerur.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG