Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada G-8 döwletleriniň sammiti açyldy


Şu gün Fransiýanyň Dewille şäherinde dünýäniň ykdysady taýdan ösen 8 döwletiniň liderleriniň gatnaşmagynda iki günlük sammit açyldy.

Bu sammitiň barşynda G-8 toparynyň liderleri Ýakyn Gündogarda demokratiýany ösdürmek hem-de Tunis we Müsür ýaly ýurtlara maliýe ýardamlaryny bermek meseleleri barada maslahat ederler diýlip garaşylýar.

Mundan daşary, ýakynda Halkara walýuta fondunyň başlygy Dominik Straus-Kanyň tussag edilmeginiň we onuň wezipesinden çekilmeginiň yzy bilen, indi bu wezipä kimiň geçip biljekdigi baradaky meseläniň hem bu sammitiň gün tertibinde boljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG